‏ Mark 14:43-50

Isa tutulýar

(Matta 26:47-56; Luka 22:47-53; Ýohanna 18:3-12)

43 Isa heniz gepläp durka, Onkileriň biri bolan Ýudas peýda boldy. Onuň ýanynda ýolbaşçy ruhanylar, Töwrat mugallymlary we ýaşulular tarapyndan iberilen gylyçly, taýakly bir mähelle bardy. 44Isa haýynlyk eden Ýudas olar bilen: «Men kimi öpsem, Isa Şoldur. Ony tutuň-da, gorag astynda alyp gidiň» diýip gepleşipdi. 45Ol gele-gelmäne Isanyň ýanyna bardy-da: «Mugallym!» diýip, Ony öpdi. 46Onsoň adamlar Isany tutup, ele saldylar. 47Isanyň ýanynda duranlaryň biri gylyjyny syryp, baş ruhanynyň hyzmatkärini urup, onuň gulagyny kesdi. 48Isa olara: «Näme üçin bir gozgalaňçynyň garşysyna çykan ýaly, Meni tutmak üçin gylyçly hem taýakly gelipsiňiz? 49Her gün ybadathanada araňyzda bolup, adamlara öwredýärdim, şonda Meni tutmandyňyz. Ýöne, goý, Mukaddes Ýazgylar berjaý bolsun» diýdi. 50Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.
Copyright information for TukLat16