‏ Mark 14:53-65

Isa mejlisiň öňünde

(Matta 26:57-68; Luka 22:54,55,63-71; Ýohanna 18:13,14,19-24)

53 Isany baş ruhanynyň ýanyna getirdiler. Ähli ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular we Töwrat mugallymlary ol ýere ýygnanypdylar. 54Petrus baş ruhanynyň howlusyna çenli gara görnümden Isanyň yzyna düşüp gitdi. Ol hem sakçylar bilen bile howluda oda çoýunyp otyrdy. 55Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. 57Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip: 58«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“diýenini eşitdik» diýdiler. 59Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady. 60Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady. 61Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. 62Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. 63Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek? 64Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar. 65Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.
Copyright information for TukLat16