Mark 14:55-64
55Ýolbaşçy ruhanylar we ýokary mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy subutnama agtardylar, ýöne tapyp bilmediler. 56Köpler Oňa garşy ýalan şaýatlyk berseler-de, olaryň şaýatlygy bir çykmady. 57Onsoň käbirleri turup, Oňa garşy ýalan şaýatlyk berip: 58«Biz Onuň: „Men ynsan eli bilen salnan şu ybadathanany ýykyp, üç günüň içinde el bilen salynmadyk başga bir ybadathana salaryn“diýenini eşitdik» diýdiler. 59Barybir, olaryň şaýatlyklary bir çykmady. 60Soňra baş ruhany mejlisiň ortasynda ýerinden turup, Isadan: «Sende hiç hili jogap ýokmy? Bu adamlaryň Saňa garşy berýän şaýatlygyna näme diýersiň?» diýip sorady. 61Isa dymdy, hiç bir jogap bermedi. Baş ruhany ýene Ondan: «Şöhratly Hudaýyň Ogly – Mesih Senmi?» diýip sorady. 62Isa: «Mendirin! Siz Ynsan Oglunyň Gudratygüýçliniň sagynda oturanyny we gögüň bulutlarynda gelýänini görersiňiz» diýdi. 63Baş ruhany şonda ýakasyny ýyrtyp: «Bize başga şaýatlyk nämä gerek? 64Onuň Hudaýa dil ýetirenini özüňiz eşitdiňiz ahyryn. Näme karara gelýärsiňiz?» diýip sorady. Olaryň bary Isany ölüm jezasyna laýyk diýip höküm çykardylar.
Copyright information for
TukLat16