Mark 14:65-72
65Käbirleri Onuň üstüne tüýkürip başladylar, gözlerini daňyp, Ony ýumruklap: «Welilik et!» diýişýärdiler. Sakçylar-da Ony aralaryna alyp urdular.Petrus Isany inkär edýär
(Matta 26:69-75; Luka 22:56-62; Ýohanna 18:15-18,25-27)
66Petrus howlynyň aşak tarapynda durka, baş ruhanynyň kenizlerinden biri geldi. 67Ol çoýunyp oturan Petrusy görende, oňa çiňerildi-de: «Sen hem şol nasyraly Isa bilendiň» diýdi. 68Emma Petrus muny inkär edip: «Men seniň näme hakda gepleýäniňi bilemogam, düşünemogam» diýdi-de, howlynyň daşyna çykdy. Şol wagt hem horaz gygyrdy. 69Keniz Petrusy görende, ýanyndakylara: «Bu adam şolaryň biri» diýip, ýene-de aýtdy. 70Emma Petrus muny ýene-de inkär etdi. Az salymdan ol ýerde duranlar Petrusa ýene-de: «Hakykatdan-da, senem şolaryň biri, sebäbi sen jelileli» diýdiler. 71Emma ol ant içip: «Hudaý ursun! Siziň aýdýan bu adamyňyzy men tanamaýaryn» diýdi. 72Edil şol wagt horaz ikinji gezek gygyrdy. Petrus Isanyň özüne: «Horaz iki gezek gygyrýança, sen Meni üç gezek inkär edersiň» diýen sözlerini ýatlap, möňňürip aglady.
Copyright information for
TukLat16