‏ Mark 15:1-15

Isa Pilatyň öňünde

(Matta 27:1,2,11-14; Luka 23:1-5; Ýohanna 18:28-38)

1Ir säher bilen ýolbaşçy ruhanylar, ýaşulular, Töwrat mugallymlary we tutuş mejlis maslahat geçirip, Isany daňyp, Pilata tabşyrdylar. 2Pilat Isadan: «Sen ýahudylaryň patyşasymy?» diýip sorady. Isa: «Aýdyşyň ýalydyr» diýip jogap berdi. 3Ýolbaşçy ruhanylar Ony köp zatlarda aýypladylar. 4Pilat ýene-de Oňa: «Sen hiç hili jogap berjek dälmi? Gör, näçe zatlarda Seni aýyplaýarlar!» diýdi. 5Emma Isa başga hiç hili jogap bermedi. Pilat geň galdy.

Isa ölüme höküm edilýär

(Matta 27:15-26; Luka 23:13-25; Ýohanna 18:39–19:16)

6 Pilat her Pesah baýramynda halkyň haýyşy boýunça bir tussagy boşadýardy. 7Pitnede adam öldüren gozgalaňçylar bilen bile tussag edilen Barabbas atly biri bardy. 8Halk Pilatyň ýanyna gelip, hemişekisi ýaly, özleri üçin bir tussagy boşatmagyny soramaga başlady. 9Onsoň Pilat olara jogap berip: «Siziň üçin ýahudylaryň patyşasyny boşatmagymy isleýärsiňizmi?» diýip sorady. 10Ol ýolbaşçy ruhanylaryň Isany göriplikden tabşyrandyklaryny bilýärdi. 11Emma ýolbaşçy ruhanylar Isanyň deregine Barabbasy boşatmagyny talap ediň diýip, halky küşgürdiler. 12Pilat ýene olardan: «Onda men siziň ýahudylaryň patyşasy diýýän adamyňyzy näme edeýin?» diýip sorady. 13Olar bolsa: «Ony haça çüýle!» diýip gygyryşdylar. 14Pilat olardan: «Näme üçin? Ol näme ýamanlyk etdi?» diýip sorady. Emma olar: «Ony haça çüýle!» diýip, has beter gygyryşdylar. 15Şonda Pilat halky kanagatlandyrmak kararyna gelip, Barabbasy boşatdy. Isany bolsa gamçyladyp, haça çüýlemek üçin, esgerleriň eline berdi.
Copyright information for TukLat16