‏ Mark 15:21-32

Isa haça çüýlenýär

(Matta 27:32-44; Luka 23:26-43; Ýohanna 19:17-27)

21Şol wagt kirineýli Simun atly bir adam ekin meýdanyndan gelýärdi. Ol Isgender bilen Rufusyň kakasydy. Esgerler ony tutup, Isanyň haçyny götermäge mejbur etdiler. 22Olar Isany Golgota (bu «Kelleçanak depesi» diýmegi aňladýar) diýen ýere eltdiler. 23Onsoň olar Isanyň agyrylaryny kemeltmek üçin, Oňa mür garylan şerap hödürlediler, emma Ol içmedi. 24Soňra Ony haça çüýlediler. Kime näme düşerkä diýip bije atyşyp, Onuň egin-eşigini özara paýlaşdylar. 25Ony haça çüýlänlerinde, ir sagat dokuzdy. 26Depesindäki etmiş ýazgysynda bolsa: «ÝAHUDYLARYŇ PATYŞASY» diýip ýazylgydy. 27Isa bilen bile iki garakçyny hem haça çüýlediler. Olaryň biri Isanyň sag tarapynda, beýlekisi çep tarapyndady.
Käbir golýazmalarda 28‑nji aýat duş gelýär: Şeýlelik bilen «Ol ýazyklylar bilen bir saýyldy» diýen Mukaddes Ýazgy berjaý boldy.
28 29Geçip barýanlar başlaryny ýaýkap, Isany ýaňsylaýardylar. Olar: «Päheý-de welin, Sen ybadathanany ýykyp, üç günde saljakdyň-a. 30Indi haçdan aşak düş-de, Özüňi halas et!» diýýärdiler. 31Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary-da Isany hut şunuň ýaly masgaralap, biri-birlerine: «Özgeleri halas etdi, emma Özüni halas edip bilenok. 32Ysraýylyň Patyşasy Mesih, goý, häziriň özünde haçdan aşak düşsün, biz hem muny görüp iman edeli» diýýärdiler. Isa bilen haça çüýlenenler-de Oňa sögýärdiler.
Copyright information for TukLat16