Mark 15:33-41
Isanyň ölümi
(Matta 27:45-56; Luka 23:44-49; Ýohanna 19:28-30)
33Günortan on ikiden öýlän sagat üçe çenli tutuş ýurdy garaňkylyk gaplap aldy. 34 aÖýlän sagat üçde Isa gaty ses bilen gygyryp: «Elohi, Elohi! Lema sabaktani?», ýagny: «Hudaýym, Hudaýym! Näme üçin Meni terk etdiň?» diýdi. 35Ol ýerde duranlaryň käbirleri muny eşidenlerinde: «Serediň, Ol Ylýasy çagyrýar» diýdiler. 36Bir adam ylgap baryp, bir esgini sirkä batyrdy. Ony bir taýagyň ujuna dakyp, Isa içirjek bolup uzatdy-da: «Hany, göreliň! Ylýas gelip, Ony aşak düşürermikä?» diýdi. 37Emma Isa gaty gygyryp jan berdi. 38Şol wagt ybadathananyň tutusy ýokardan aşaklygyna ýyrtylyp, ikä bölündi. 39Isanyň garşysynda duran ýüzbaşy Onuň şeýle jan berenini görende: «Bu adam, hakykatdan hem Hudaýyň Ogly eken» diýdi. 40Ol ýerde uzakdan seredişip duran aýallar hem bardy. Magdalaly Merýem, Ýose bilen kiçi Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy hem olaryň arasyndady. 41Bular Isa Jeliledekä yzyna düşüp, Oňa hyzmat edipdiler. Ol ýerde Isa bilen Iýerusalime gelen başga-da köp aýallar bardy.
Copyright information for
TukLat16