‏ Mark 16:1-10

Isa direlýär

(Matta 28:1-8; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)

1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. 2Hepdäniň birinji güni
Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir.
olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3Olar biri-birlerine: «Mazaryň agzyndan daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. 4Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. 5Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler. 6Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri. 7Indi bolsa baryň-da, Onuň şägirtlerine we Petrusa: „Isa sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz“diýiň» diýdi. 8Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.

Isa şägirtlerine görünýär

(Matta 28:9,10; Ýohanna 20:11-18; Luka 24:13-35)

9 Isa hepdäniň birinji güni ir bilen direldi. Ol ilki bilen magdalaly Merýeme göründi. Isa onuň içinden ýedi arwah-jyny kowup çykarypdy. 10Merýem gidip, muny Isa bilen bolan, indi bolsa Oňa ýas tutup, aglaşyp oturan şägirtlerine habar berdi.
Copyright information for TukLat16