‏ Mark 16:1-8

Isa direlýär

(Matta 28:1-8; Luka 24:1-12; Ýohanna 20:1-10)

1 Sabat güni tamamlanansoň, giç öýlän magdalaly Merýem, Ýakubyň ejesi Merýem we Salome dagy gidip, Isanyň jesedine çalmak üçin ýakymly ysly zatlar satyn aldylar. 2Hepdäniň birinji güni
Hepdäniň birinji güni – bu ýewreýleriň senenamasy boýunça ýekşenbe günüdir.
olar gün doganda, mazaryň başyna geldiler.
3Olar biri-birlerine: «Mazaryň agzyndan daşy bize kim aýryp bererkä?» diýişýärdiler. 4Başlaryny galdyryp seredenlerinde, daşyň bir çete togalanandygyny gördüler. Daş gaty uludy. 5Mazara girenlerinde bolsa, sag tarapda ak lybas geýnen bir ýaş ýigidiň oturandygyny görüp geňirgenişdiler. 6Ol bulara: «Geňirgenmäň! Siz haça çüýlenen nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Isa direldi! Ol bu ýerde ýok. Ine, Onuň jesediniň goýlan ýeri. 7Indi bolsa baryň-da, Onuň şägirtlerine we Petrusa: „Isa sizden öň Jelilä barýar, Özüniň size aýdyşy ýaly, Ony şol ýerde görersiňiz“diýiň» diýdi. 8Aýallar mazardan çykyp gaçdylar. Olary sandyrama hem aljyraňňylyk gaplap alypdy. Olar gorkularyndan ýaňa hiç kime hiç zat aýtmadylar.
Copyright information for TukLat16