Mark 2:1-12
Isa ysmazy sagaldýar
(Matta 9:1-8; Luka 5:17-26)
1 Isa birnäçe günden soň Kapernauma gaýdyp gelende, Onuň öýdedigi baradaky habar ýaýrady. 2Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi. 3Şol wagt dört adam bolup Onuň ýanyna bir ysmazy göterip getirdiler. 4Adamlardan ýaňa hyryn-dykyn doludygy üçin, olar Isanyň ýanyna ýakynlaşyp bilmediler. Şonuň üçin olar Isanyň bolýan jaýynyň üçegini söküp, ysmazy düşegi bilen deşikden aşak salladylar. 5Isa olaryň imanyny görüp, ysmaza: «Oglum, seniň günäleriň ötüldi» diýdi. 6– 7Ol ýerde oturan Töwrat mugallymlaryň käbiri içinden: «Bu adam näme üçin beýle gepleýär? Ol Hudaýa dil ýetirýär! Günäleri ýeke-täk Hudaýdan başga kim ötüp biler?» diýip oýlandy. 8Isa dessine olaryň näme pikir edýändigini ruhunda syzyp: «Näme üçin göwnüňize beýle pikirler getirýärsiňiz? 9Ysmaza haýsyny aýtmak aňsat: „Günäleriň ötüldi“diýmekmi ýa-da: „Tur, düşegiňi al-da, ýöre“diýmek? 10Emma siz Ynsan Oglunyň ýer ýüzünde günäleri ötmäge-de ygtyýarynyň bardygyny bilip goýuň» diýdi. Onsoň Ol ysmaza: 11«Saňa diýýärin, tur, düşegiňi al-da, öýüňe gaýt» diýdi. 12Ol hem ýerinden turdy-da, dessine düşegini alyp, hemmeleriň gözüniň alnynda çykyp gitdi. Hemmeler haýran galdy. Olar: «Biz beýle zady asla görmändik» diýşip, Hudaýy şöhratlandyrdylar.
Copyright information for
TukLat16