‏ Mark 3:1-6

Isa Sabat güni şypa berýär

(Matta 12:9-14; Luka 6:6-11)

1Başga bir gün Isa ýene sinagoga gitdi. Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. 2Käbir adamlar Isany aýyplajak bolup, Sabat güni bu adama şypa berermikä diýip, Ony aňtaýardylar. 3Isa eli şel açan adama: «Ýeriňden tur-da, orta çyk!» diýdi. 4Onsoň olardan: «Kanun boýunça Sabat güni ýagşylyk etmek dogrumy ýa-da ýamanlyk? Biriniň janyny halas etmek dogrumy ýa-da öldürmek?» diýip sorady. Olardan ses çykmady. 5Isa töweregindäkilere gahar bilen bakyp, olaryň doňýürekdigine gynandy. Ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol hem elini uzatdy welin, eli doly sagaldy. 6Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada Hirodyň tarapdarlary bilen maslahat geçirdiler.
Copyright information for TukLat16