‏ Mark 3:13-19

Isa on iki şägirdini saýlaýar

(Matta 10:1-4; Luka 6:12-16)

13Onsoň Isa daga çykyp, Öz saýlan adamlaryny ýanyna çagyrdy, olar Onuň ýanyna bardylar. 14 15 16Isa on iki adamy saýlap alyp, olara resullar diýip at berdi
Olara resullar diýip at berdi – bu sözlem käbir golýazmalarda ýok.
. Onuň wagyz etmäge iberen, hassalary sagaldyp, arwah-jynlary kowmaga ygtyýar beren bu on iki resuly şulardyr: Simun – Isa oňa Petrus diýip at berdi,
17Zebedeýiň ogullary Ýakup bilen Ýohanna – Isa olara Bowanerges diýen lakamy berdi, (bu «Gök gürrüldisiniň ogullary» diýmegi aňladýar), 18onsoň Andrys, Filip, Bartolomeý, Matta, Tomas, Alfeýiň ogly Ýakup, Taddeý, watançy Simun 19we Isa haýynlyk eden Ýudas Iskariýot.
Copyright information for TukLat16