Mark 3:20-27
Isa we Beýelzebul
(Matta 12:22-32; Luka 11:14-23; 12:10)
20Soňra Isa bir öýe bardy. Ol ýerde hem hemişekiler ýaly, ýene-de uly mähelle ýygnanansoň, Isanyň şägirtleri bilen nahar iýmäge-de wagtlary bolmady. 21Isanyň hossarlary bu barada eşidende: «Isa akylyndan azaşypdyr» diýip, Ony äkitmäge geldiler. 22Iýerusalimden gelen Töwrat mugallymlary bolsa: «Ony jynlaryň hökümdary Beýelzebul eýeläpdir! Ol arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýişýärdiler. 23Şonuň üçin Isa halky ýanyna çagyryp, tymsallar arkaly söze başlady: «Şeýtan öz-özüni nädip kowup çykarsyn? 24Bir patyşalygyň içinde bölünişik bolsa, ol patyşalyk berk durup bilmez. 25Bir hojalygyň içinde bölünişik bolsa, ol maşgala berk durup bilmez. 26Şeýtan öz-özüne garşy çykyp bölünse, berk durup bilmez, onuň soňunyň geldigidir. 27Hiç kim bir güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap bilmez; öňürti ony tutup daňmaly bolar, onsoň öýüni talar.
Copyright information for
TukLat16