Mark 4:1-20
Ekin tymsaly
(Matta 13:1-23; Luka 8:4-15)
1 Isa kölüň ýakasynda halka ýene öwretmäge başlady. Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi zerarly köldäki bir gaýyga münüp oturdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 2Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi. Olara şu tymsaly gürrüň berdi: 3«Gulak asyň! Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. Şeýlelikde, olar hasyl bermeýärler. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşýär. Olar ösüp, köpelip, käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär». 9Isa onsoň olara: «Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» diýdi. 10 Isa on iki şägirdi we başga käbir adamlar bilen ýeke galanda, olar Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 11Isa olara şeýle düşündirdi: «Hudaýyň Şalygynyň syry size berildi. Daşardakylara bolsa hemme zat tymsallar arkaly aýdylýar. 12 aŞeýdip „olar seredip dursalar-da, hiç aňlamaýarlar, eşidip dursalar-da, hiç düşünmeýärler; ýogsam Maňa tarap öwrülip bagyşlanardylar“». 13 Isa olara şeýle diýdi: «Siz bu tymsala düşünmeýärsiňizmi? Onda başga tymsallara nähili düşünjeksiňiz? 14Daýhanyň ekýäni Hudaýyň sözüdir. 15Käbir adamlar ýoluň üstüne düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, emma ýüreklerine ekilen bu sözi şobada şeýtan alyp gidýär. 16Beýleki adamlar daşly ýere düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýärler. 17Emma olarda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, olar derrew imandan ýüz döndererler. 18Başga birleri tikenleriň arasyna düşen tohumlara meňzeýärler. Olar sözi eşidýärler, 19emma dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi we başga meýiller ara girip, sözi bogýar, şonuň üçin söz hasyl bermeýär. 20Gowy topraga düşenler bolsa, sözi eşidip, ony kabul edýärler we käbiri otuz, käbiri altmyş, käbiri hem ýüz esse hasyl berýär».
Copyright information for
TukLat16