Mark 4:30-32
Gorçisa tohum tymsaly
(Matta 13:31,32,34; Luka 13:18,19)
30 Isa olara ýene-de: «Hudaýyň Şalygyny nämä meňzedeli? Ony haýsy tymsal bilen düşündireli? 31– 32Hudaýyň Şalygy gorçisa tohumy ýalydyr. Bu tohum ýer ýüzünde ekilýän ähli tohumlaryň iň maýdasy bolup, ekilenden soň ösüp, ähli ösümliklerden belent bolýar. Ol şeýle uly şahalar çykarýar welin, guşlar kölegesinde höwürtgeläp bilýärler» diýdi.
Copyright information for
TukLat16