‏ Mark 5:1-20

Isa arwah-jyn eýelän adamy sagaldýar

(Matta 8:28-34; Luka 8:26-39)

1 Isa bilen şägirtleri kölüň beýleki kenaryndaky gerasalylaryň
Gerasalylar – käbir golýazmalarda gadaralylar. Seret: Mat 8:28.
ýurduna geldiler.
2Isa gaýykdan düşen badyna, Oňa gonamçylykdan çykyp gelýän bir adam duşdy. Bu adamy arwah-jyn eýeläpdi. 3Ol mazarlaryň arasynda ýaşaýardy. Ony hiç kim hatda zynjyrlap hem saklap bilmeýärdi. 4Onuň el-aýaklaryny ençeme gezek zynjyrlasalar-da, gandallasalar-da, ol zynjyrlary gyryp, gandallary bölek-bölek edýärdi. Hiç kim ony ýola getirip bilmezdi. 5Ol gije-gündiz gonamçylykda, daglarda üznüksiz gygyryp, özüni daş bilen ýaralar ýörerdi.

6Ol Isany uzakdan görüp, ylgap geldi-de, Onuň öňünde dyzyna çöküp, tagzym etdi. 7Batly ses bilen gygyryp: «Eý, Isa! Eý, Beýik Hudaýyň Ogly, meniň bilen näme işiň bar? Ýalbarýan, Hudaýyň haky üçin meni gynama!» diýdi. 8Sebäbi Isa oňa: «Eý, arwah-jyn, bu adamdan çyk» diýipdi. 9Onsoň Isa arwah-jyndan: «Adyň näme?» diýip sorady. Ol hem: «Adym Goşun
Goşun – grekçe Legion. Bu söz alty müň esgerli goşuny aňladýar.
, çünki biz köplükdiris» diýip jogap berdi.
10Özlerini bu mesgenden kowup goýbermezligi üçin, olar Isa köp ýalbardylar. 11Şol ýerdäki dagyň eteginde ullakan bir doňuz sürüsi otlap ýördi. 12Arwah-jynlar Isa ýalbaryp: «Bizi şol doňuzlaryň arasyna goýber, olaryň içine gireli» diýdiler. 13Isa olara rugsat berdi. Arwah-jynlar çykyp, doňuzlara girdiler. Şonda iki müňe golaý doňuzdan ybarat bu süri uçutdan aşak zyňyp, kölde paýyrdaşyp gark boldy. 14Doňuz çopanlary bolsa gaçyp gidip, şäherlerdir obalara bu wakany habar berdiler. Halaýyk näme bolanyny görmäge geldi. 15Olar Isanyň ýanyna gelenlerinde, bir goşun arwah-jyn eýelän adamyň indi egin-eşikli oturanyny, akylynyň hem ýerindedigini görüp gorkdular. 16Wakany görenler arwah-jyn eýelän adama we doňuzlara näme bolandygy hakynda halka gürrüň berdiler. 17Onsoň halk özleriniň ýurdundan gitmegi üçin, Isa ýalbarmaga başlady. 18Isa gaýyga münende, arwah-jyndan halas bolan adam Ondan Özi bilen gitmäge rugsat sorap ýalbardy. 19Emma Isa muňa rugsat bermedi. Oňa: «Öýüňe, özüňkileriň arasyna git, Rebbiň seniň üçin nämeler edendigini, saňa nähili rehim-şepagat görkezendigini olara gürrüň ber» diýdi. 20Ol hem gidip, Isanyň özüne eden ýagşylygynyň baryny Dekapolisde
Dekapolis – Samariýa bilen Jeliläniň gündogarynda ýerleşen on şäheriň umumy ady. Sözlüge seret.
jar etmäge başlady. Hemmeler muňa haýran galdy.
Copyright information for TukLat16