‏ Mark 5:21-43

Direlen gyz, sagalan aýal

(Matta 9:18-26; Luka 8:40-56)

21 Isa gaýyk bilen ýene beýleki kenara geçende, daşyna uly mähelle üýşdi. Isa kölüň kenaryndady. 22Sinagoga ýolbaşçylaryndan Ýaýrus atly bir adam geldi. Ol Isany görüp, Onuň aýagyna ýykyldy. 23Oňa köp ýalbaryp: «Meniň gyzjagazym ölüm ýassygynda ýatyr. Gel-de, elleriňi onuň üstünde goý, sagalyp ýaşasyn!» diýdi. 24Isa bu adam bilen gitdi. Yzyna düşüp gelýän uly mähelle Ony her ýandan gysyp-gowrup barýardy. 25Ol ýerde on iki ýyldan bäri gan akmasy bolan bir aýal hem bardy. 26Ol köp ejir çekip, ençeme lukmanlara görnüp, bar-ýoguny harç edipdi, ýöne hiç haýyr tapman, gaýtam, ýagdaýy has beterleşipdi. 27Bu aýal Isa hakda aýdylýan zatlary eşidip, mähelläniň içi bilen Onuň arka tarapyndan geldi we donuna elini degirdi. 28Çünki ol içinden: «Diňe donuny ellesem-de, sagalaryn» diýip oýlanýardy. 29Şol wagtyň özünde onuň gan akmasy kesildi. Aýal derdinden saplanandygyny bedeninde duýdy. 30Isa Özünden bir güýjüň çykandygyny şobada duýup, köpçülige tarap öwrülip: «Donuma kim elini degirdi?» diýip sorady. 31Şägirtleri Oňa: «Sen Özüňi gysyp-gowrup gelýän mähelläni görýärsiň-ä! Onsoň nädip: „Maňa kim elini degirdi?“diýip soraýarsyň?» diýdiler. 32Emma Isa muny edeni görjek bolup, daş-töweregine seredýärdi. 33Özüne näme bolandygyny bilenden soň, ýaňky aýal gorkup, titräp geldi. Isanyň aýagyna ýykylyp, Oňa ähli hakykaty aýdyp berdi. 34Isa oňa: «Eý, naçar, imanyň saňa şypa berdi. Sag-aman git, derdiňden saplan» diýdi. 35Ol bu sözleri aýdyp durka, sinagoga baştutanynyň öýünden birnäçe adam gelip: «Gyzyň öldi. Näme üçin Mugallymy artykmaç biynjalyk edýärsiň?» diýdi. 36Isa muny eşiden badyna, sinagoga baştutanyna: «Gorkma, diňe iman et!» diýdi.

37 Isa Petrusdan, Ýakupdan we onuň dogany Ýohannadan başga hiç kime Özi bilen gitmäge rugsat etmedi. 38Sinagoga baştutanynyň öýüne gelenlerinde, Isa başagaýlygy, aglaşyp, dady-perýat edip oturanlary gördi. 39Içeri girip, olara: «Näme üçin dady-perýat edip, aglaşyp otyrsyňyz? Çaga ölenok, ol diňe uklap ýatyr» diýdi. 40Olar bolsa Onuň üstünden güldüler. Emma Isa hemmäni daşarda goýup, diňe çaganyň ene-atasyny we Özi bilen gelenleri alyp, onuň ýatan otagyna bardy. 41Çaganyň elinden tutup, oňa: «Talita kum!» diýdi. Bu bolsa «Gyzjagaz, saňa diýýärin: Tur!» diýmekdir. 42Gyz dessine ýerinden galyp ýöräp başlady. Ol on iki ýaşyndady. Muny görenleriň ählisi gaty geň galdy. 43Isa olara muny hiç kime bildirmezligi berk tabşyryp, gyza nahar bermeklerini buýurdy.
Copyright information for TukLat16