Mark 6:1-6
Nasyrada Isa hormat goýulmaýar
(Matta 13:53-58; Luka 4:16-30)
1 Isa ol ýeri taşlap, Öz dogduk mekanyna gitdi. Şägirtleri hem Onuň yzyna düşüp gitdiler. 2Sabat güni Isa sinagogada halka öwretmäge başlady. Onuň aýdýan zatlaryny eşiden köp adamlar haýran galyp: «Bu Adam munça zady nireden öwrendikä? Oňa beýle danalygy kim berdikä? Ol nädip beýle mugjyzalary görkezmegi başarýarka? 3Ol Merýemiň neçjar ogly dälmi? Ýogsa-da Ol Ýakup, Ýose ▼▼Ýose – bu Ýusubyň beýleki ady. Seret: Mat 13:55.
, Ýahuda we Simun dagyň dogany dälmi näme? Onuň uýalary-da biziň aramyzda ýaşaýarlar ahyry!» diýşip, Isanyň bolşundan nägile boldular. 4Onsoň Isa olara: «Pygamberiň diňe öz dogduk ýurdunda, garyndaşlarynyň arasynda we öýünde gadyry ýokdur» diýdi. 5Ol birnäçe hassanyň başyna elini goýup sagaltmakdan başga ol ýerde hiç bir mugjyza görkezip bilmedi. 6Isa olaryň imansyzdygyna geň galdy. Isa şägirtlerini halkyň arasyna iberýär
(Matta 10:5-15; Luka 9:1-6)
Şondan soň Isa töwerekdäki obalara aýlanyp wagyz etdi.
Copyright information for
TukLat16