‏ Mark 6:14-29

Ýahýa çümdürijiniň ölümi

(Matta 14:1-12; Luka 9:7-9)

14Bolup geçýän zatlary Hirod patyşa-da eşitdi, sebäbi Isanyň at-owazasy il arasyna ýaýrapdy. Käbir adamlar: «Ýahýa çümdüriji ölümden direlipdir. Ol şol sebäpli bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýýärdiler
Käbir adamlar… diýýärdiler – käbir golýazmalarda Ol… diýdi.
.
15Beýlekiler bolsa: «Bu – Ylýas», käbirleri-de: «Bu öňki pygamberleriň biri ýaly pygamberdir» diýişýärdiler. 16Hirod bulary eşidip: «Meniň başyny çapdyran Ýahýam direlipdir!» diýdi. 17 18Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa öýlenipdi. Ýahýa bolsa Hiroda: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýipdi. Şonuň üçin Hirod adam iberip, Ýahýany tutdurypdy, onuň el-aýagyny gandallap, zyndana saldyrypdy. 19Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi. 20Sebäbi Hirod Ýahýanyň dogry hem mukaddes adamdygyny bilip, ondan heder etdi we ony gorady. Ony diňledigiçe, howsala düşýärdi
Howsala düşýärdi – bu jümle käbir golýazmalarda köp zat edýärdi diýip duş gelýär.
, emma şonda-da höwes bilen diňlärdi.

21Bir güni amatly pursat gabat geldi. Hirod öz doglan güni mynasybetli köşk emeldarlaryny, müňbaşylary we Jeliläniň tanymal adamlaryny çagyryp, toý tutdy. 22Hirodiýanyň gyzy içeri girip, tans edip, Hirodyň we onuň myhmanlarynyň göwnüni çaglady. Patyşa gyza: «Islän zadyňy dile, saňa bereýin» diýdi. 23Onsoň ant içip, patyşa ýene-de: «Menden näme dilegiň bolsa aýt, şalygymyň ýarysy-da bolsa, saňa bererin» diýdi. 24Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi. 25Gyz dessine patyşanyň ýanyna ylgap geldi-de: «Häziriň özünde Ýahýa çümdürijiniň başyny bir tabakda goýup, maňa bermegiňi isleýärin» diýdi. 26Patyşa gaty tukatlandy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, gyzyň dilegini bitirmän, yzyna gaýtarmak islemedi. 27Dessine bir jellady ýollap, Ýahýanyň başyny getirmegi buýurdy. Jellat baryp, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdy. 28Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 29Ýahýanyň şägirtleri muny eşidip, onuň jesedini äkitdiler we ony bir mazarda jaýladylar.
Copyright information for TukLat16