Mark 6:30-44
Isa bäş müň adamy doýurýar
(Matta 14:13-21; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)
30 Resullar Isanyň ýanyna ýygnanyp, ähli eden işleri, halka öwreden zatlary barada Oňa habar berdiler. 31Isa olara: «Geliň, ýeke özümiz bir çola ýere gidip, biraz dem-dynç alalyň» diýdi. Gelip-gidýänleriň köplüginden ýaňa, olaryň nahar edinmäge-de elleri degmeýärdi. 32Onsoň olar gaýyga münüp, ýeke özleri bir çola ýere gitdiler. 33Gidip barýarkalar, halaýyk olary görüp tanady. Şonda ähli şäherlerden adamlar pyýada ýola düşdüler we haýdaşyp, ol ýere olardan öň bardylar. 34Isa gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, sebäbi olar çopansyz goýunlar ýalydy. Şonuň üçin olara köp zatlary öwretmäge başlady. 35Wagt gijigenden soň, şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi. 36Halky goýber, töwerekdäki obalara gidip, özlerine iýmäge zat satyn alsynlar» diýdiler. 37Emma Isa: «Olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. Olar: «Eýsem biz iki ýüz kümüş teňňäni çörege sarp edip, olara iýdirelimi?» diýdiler. 38Isa olardan: «Baryň, görüň, näçe çöregiňiz bar?» diýip sorady. Görenlerinden soň olar: «Bäş çörek bilen iki balygymyz bar» diýdiler. 39Şonda olara hemme adamlary topar-topar edip, otuň üstünde oturtmagy buýurdy. 40Şeýlelikde, olar ýüz-ýüzden, elli-elliden topar-topar bolup oturdylar. 41Isa bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, halka paýlar ýaly, şägirtlerine berdi. Iki balygy-da olaryň hemmesine paýlady. 42Hemmeler iýip doýdular. 43Şägirtler artan çörek böleklerini, balyklaryň ownuklaryny ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 44Çörekleri iýen erkekleriň sany bäş müň adamdy.
Copyright information for
TukLat16