‏ Mark 7:1-23

Adamy näme murdar edýär?

(Matta 15:1-20)

1 Iýerusalimden gelen fariseýler bilen birnäçe Töwrat mugallymlary Isanyň daşyna üýşdüler. 2Olar Isanyň şägirtlerinden käbiriniň elini ýuwman nahar iýip, ýahudylaryň dessuryny bozandygyny gördüler. 3Fariseýler bilen ähli ýahudylar ata-babalaryndan galan dessur boýunça ellerini oňat ýuwmazdan nahar iýmeýärdiler. 4Bazardan gelenlerinde-de, ýuwunman hiç zat iýmeýärdiler. Şeýle-de käse, gap-çanak, gazanlary
Käbir golýazmalarda düşekleri diýen söz hem bar.
tämizlemek ýaly dessurlary hem saklaýardylar.
5Şonuň üçin fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Isadan: «Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalarymyzdan galan adata eýermeýärler? Näme üçin ellerini ýuwman nahar iýýärler?» diýip soradylar.

6 bIsa olara: «Işaýa pygamber siz ikiýüzlüler hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: „Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,
emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
7Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“.
8Siz ynsan däp-dessurlaryna eýerip
Käbir golýazmalarda käsedir gap-çanaklary ýuwup tämizlemek ýaly köp işler edip diýen jümle hem bar.
, Hudaýyň buýrugyny terk edýärsiňiz» diýdi.

9 Isa ýene olara şeýle diýdi: «Öz adatlaryňyzy berjaý etmek üçin, siz Hudaýyň buýruklaryndan ýüz döndermegiň oňat ýoluny tapypsyňyz! 10 dMusa: „Ata-eneňe hormat goý“we „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“diýip buýrupdy. 11 12Emma siz kimdir biriniň ene-atasyna: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarym korbandyr“(korban – „Hudaýa sadaka“diýmegi aňladýar)
Ýewreý adatyna görä, adamlar Hudaý üçin sadaka berjek puluny «korban» diýip atlandyrypdyrlar. Bu puly maşgalanyň mätäçlikleri üçin ulanmak gadagandy.
diýip aýtmagyny dogry hasaplaýarsyňyz, şunlukda, siz oňa öz ata-enesine kömek bermegi gadagan edýärsiňiz.
13Şeýdip, siz nesilden-nesle galdyrýan adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz. Başga-da şuňa meňzeş köp zatlary edýärsiňiz». 14Ol mähelläni ýene ýanyna çagyryp, olara: «Hemmäňiz Meni diňläň hem düşüniň. 15Adamyň içine girýän hiç bir zat ony murdar edip bilmez. Adamy murdar edýän zatlar onuň öz içinden çykýandyr» diýdi.
Käbir golýazmalarda 16-njy aýat duş gelýär: Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!

16 17Ol mähelläniň ýanyndan aýrylyp, öýe girende, şägirtleri Ondan bu tymsalyň manysyny soradylar. 18Isa olara: «Eýsem, siz hem düşüneňzokmy? Adamyň içine giren hiç bir zadyň ony murdar etmeýändigini bilmeýärsiňizmi? 19Bular adamyň ýüregine däl-de, garnyna girýär, ol ýerden-de daşary çykýar» diýip jogap berdi. Şeýle diýmek bilen, Isa ähli iýmitleriň tämizdigini yglan etdi. 20Ol ýene: «Adamy murdar edýän onuň öz içinden çykýan zatlardyr. 21 22Çünki içden, adamyň ýüreginden erbet pikirler, azgynlyk, ogurlyk, ganhorlyk, zynahorlyk, açgözlük, ýamanlyk, hile, ahlaksyzlyk, göriplik, sögünç, tekepbirlik we akmaklyk çykýar. 23Bu erbet zatlaryň ählisi içden çykyp, adamy murdar edýär» diýdi.
Copyright information for TukLat16