Mark 7:24-30
Siriýaly aýalyň imany
(Matta 15:21-28)
24 Isa ol ýerden çykyp, Sur şäheriniň ▼▼Käbir golýazmalarda Sur we Sidon şäherleriniň.
töweregine gitdi. Ol bir öýe bardy we hiç kimiň bu barada bilmegini islemeýärdi, ýöne muny gizlin saklap bilmedi. 25Kiçijik gyzyny arwah-jyn eýelän bir aýal Isa hakdaky habarlary eşiden badyna gelip, Onuň aýagyna ýykyldy. 26Ol aýalyň asly Siriýanyň Finikiýa ülkesinden bolup, ol ýahudy däldi. Ol gyzyndan arwah-jyny kowup çykarmagyny sorap, Isa ýalbardy. 27Isa oňa: «Goý, öňürti çagalar doýsun. Çagalaryň çöregini alyp, itlere zyňmak dogry däldir» diýdi. 28Aýal hem: «Hawa, Agam! Ýöne itler hem çagalaryň saçak başynda döken çörek owuntyklaryndan iýýändir» diýdi. 29Isa oňa: «Bu sözüň üçin, bar, gidiber, arwah-jyn seniň gyzyňdan çykdy» diýdi. 30Aýal öýüne baranda, gyzynyň arwah-jyndan halas bolup, düşeginde ýatanyny gördi.
Copyright information for
TukLat16