‏ Mark 8:1-10

Isa dört müň adamy doýurýar

(Matta 15:32-39)

1Şol günler ýene bir uly mähelle ýygnandy. Olaryň iýmäge hiç zatlary bolmansoň, Isa şägirtlerini ýanyna çagyryp, olara: 2«Bu mähellä haýpym gelýär! Bular üç gün bäri Meniň ýanymda, iýmäge hem hiç zatlary ýok. 3Bulary öýlerine aç goýbersem, ýolda ysgyndan gaçarlar. Olaryň käbiri uzak ýerden gelipdir» diýdi. 4Şägirtleri Ondan: «Bu çöllükde olary doýrar ýaly çöregi nireden tapyp bolarka?» diýip soradylar. 5Isa: «Näçe çöregiňiz bar?» diýip, olaryň özlerinden sorady. Olar: «Ýedi sany» diýip jogap berdiler. 6Onsoň Isa mähellä ýerde oturmagy buýurdy. Ýedi çöregi alyp, şükür edeninden soň, bölüşdirdi-de, paýlamak üçin şägirtlerine berdi. Olar hem bulary mähellä paýladylar. 7Olaryň biraz balyklary hem bardy. Isa şükür edeninden soň, olary hem paýlamagy buýurdy. 8Hemmeler iýip doýdular, artyp galan bölekleri ýygnap, ýedi sebedi doldurdylar. 9Iýenler dört müňe golaý adamdy. Onsoň Isa olary ugratdy. 10Özi bolsa dessine şägirtleri bilen gaýyga münüp, Dalmanuta sebitlerine gitdi.
Copyright information for TukLat16