Mark 8:14-21
14Şägirtleri çörek almagy unudan ekenler. Gaýykda ýanlarynda diňe ýekeje çörek bardy. 15Isa olara: «Hüşgär boluň! Fariseýler bilen Hirodyň hamyrmaýasyndan ägä boluň» diýip, duýduryş berdi. 16Olar bolsa özara çekeleşip: «Isa muny biziň çöregimiziň ýokdugy üçin aýdýar» diýişýärdiler. 17Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, olardan: «Näme üçin çöregimiz ýok diýşip çekeleşýärsiňiz? Siziň entegem akylyňyz ýetenokmy, düşünmeýärsiňizmi? Ýüregiňiz şeýle gatymy? 18Gözli bolup, görmeýärsiňizmi? Gulakly bolup, eşitmeýärsiňizmi? Bolup geçen zatlar ýadyňyza düşmeýärmi? 19Men bäş çöregi bäş müň adama bölüp paýlanymda, galan döwümlerden näçe sebet doldurypdyňyz?» diýip sorady. Olar: «On iki» diýip jogap berdiler. 20Isa ýene: «Ýedi çöregi dört müň adama bölüp paýlanymda, artyp galany näçe sebet bolupdy?» diýip sorady. Olar: «Ýedi» diýdiler. 21Şonda Isa olara: «Entek hem düşünmeýärsiňizmi?» diýdi.
Copyright information for
TukLat16