Mark 8:27-30
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Matta 16:13-20; Luka 9:18-21)
27 Isa şägirtleri bilen Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyndaky obalara gitdi. Ýolda Isa şägirtlerinden: «Adamlar Maňa kim diýýärler?» diýip sorady. 28Şägirtleri: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri-de – pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 29Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. Petrus: «Sen Mesihsiň» diýip jogap berdi. 30Şonda Isa olara Özi hakynda hiç kime hiç zat aýtmazlygy tabşyrdy.
Copyright information for
TukLat16