Mark 9:2-8
Isanyň keşbi üýtgeýär
(Matta 17:1-13; Luka 9:28-36)
2Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. 3Onuň eginbaşy gözüňi gamaşdyryp barýan ap-ak reňke öwrüldi welin, ýer ýüzünde hiç kim ony beýle agardyp biljek däldi. 4Şonda şägirtlere Ylýas bilen Musa göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 5Petrus Isa: «Mugallym! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, gel, üç çadyr dikeli: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 6Gaty gorkandyklary üçin, Petrus näme diýýänini özi hem bilenokdy. 7Şol wagt bir bulut gelip, olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr! Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 8Birdenkä şägirtler daş-töweregine seretdiler, emma öz ýanlarynda Isadan başga hiç kime gözleri düşmedi.
Copyright information for
TukLat16