Mark 9:42-48
Günä gazandyrýan zatlary taşlaň
(Matta 18:6-9; Luka 17:1,2)
42 Isa ýene söze başlady: «Kimde-kim Maňa ynanýan bu pes göwünlilerden biriniň günä etmegine sebäp bolsa, onuň boýnundan uly degirmen daşy asylyp, deňze zyňlany has gowy bolar. 43Eliň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony kes. Golak bolup baky ýaşaýşa gowuşmak, iki elli bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr. ▼▼Käbir golýazmalarda 44‑nji aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
44– 45Eger aýagyň seniň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony çap. Saňa çolak bolup ýaşaýşa gowuşmak, iki aýakly bolup dowzaha, sönmez oda zyňylmakdan gowudyr. ▼▼Käbir golýazmalarda 46-njy aýat duş gelýär: Olaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
46– 47Eger gözüň günä etmegiňe sebäp bolsa, ony oýup çykar. Saňa ýeke gözli bolup Hudaýyň Şalygyna girmek, iki gözli bolup dowzaha zyňylmakdan gowudyr. 48 cOlaryň jesetlerini iýýän gurt ölmez, olary ýakýan ot sönmez.
Copyright information for
TukLat16