Matthew 1:1-17
Isa Mesihiň nesil daragty
(Luka 3:23-38)
1 Ybraýymyň we Dawudyň neslinden bolan Isa Mesihiň nesil daragtynyň ýazgysy, ine, şeýledir: 2Ybraýymdan Yshak, Yshakdan Ýakup, Ýakupdan Ýahuda we onuň doganlary dünýä indi. 3Ýahudadan Peres bilen Zerah doguldy, olaryň ejesi Tamardy. Peresden Hesron, Hesrondan Ram doguldy. 4Ramdan Eminadap, Eminadapdan Nahşon, Nahşondan Salmon doguldy. 5Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy. 6Ýyşaýdan Dawut patyşa doguldy. Dawutdan Süleýman dünýä indi, onuň ejesi Uryýanyň dul aýaly Batşebady. 7Süleýmandan Rehabgam, Rehabgamdan Abyýa, Abyýadan Asa, 8Asadan Ýehoşapat, Ýehoşapatdan Ýehoram, Ýehoramdan Uzyýa doguldy. 9Uzyýadan Ýotam, Ýotamdan Ahaz, Ahazdan Hizkiýa, 10Hizkiýadan Manaşa, Manaşadan Amon, Amondan Ýoşyýa doguldy. 11Ýoşyýa Babyl sürgüniniň öňüsyrasynda doglan Ýekonýanyň we onuň doganlarynyň atasydy. 12Ýekonýa Babyl sürgüninden soňra doglan Şeýaltyýeliň atasydy. Şeýaltyýelden Zerubabyl, 13Zerubabyldan Abyhut, Abyhutdan Eliýakym, Eliýakymdan Azor, 14Azordan Sadok, Sadokdan Akym, Akymdan Elihut, 15Elihutdan Elgazar, Elgazardan Mattan, Mattandan Ýakup doguldy. 16Ýakup Merýemiň adamsy Ýusubyň atasydy, Merýemden bolsa Mesih ▼▼Mesih – ýewreýler bu sözi Hudaý tarapyndan wada berlen Patyşa babatynda ulanýarlar. Sözlüge seret.
diýip atlandyrylan Isa doguldy. 17Şeýlelikde, Ybraýymdan Dawuda çenli bolan nesiller jemi on dört arkadyr. Dawutdan Babyl sürgünine çenli hem on dört, Babyl sürgüninden Mesihe çenli hem on dört arkadyr.
Copyright information for
TukLat16