Matthew 1:18-25
Isa Mesih dogulýar
(Luka 2:1-7)
18 Isa Mesihiň dogluşy şeýle boldy: Onuň ejesi Merýem bilen Ýusup adaglydy, emma olar entek ýassykdaş bolmankalar, Merýem özüniň Mukaddes Ruh arkaly göwreli bolandygyny bildi. 19Onuň adaglysy Ýusup dogruçyl adamdy, şoňa görä ol Merýemiň ile masgara bolmagyny islemän, ony ýaşyryn aýryp goýbermegi ýüregine düwdi. 20Ýusup bu hakda oýlanyp ýörkä, Rebbiň bir perişdesi onuň düýşüne girip: «Eý, Dawut ogly Ýusup! Sen Merýeme öýlenmekden gorkma, sebäbi onuň göwresindäki Mukaddes Ruh arkalydyr. 21Ol bir Ogul dograr, sen Onuň adyna Isa ▼▼Isa – bu söz «Reb halas edýär» diýmegi aňladýar.
dakarsyň, sebäbi Ol Öz halkyny günälerinden halas eder» diýdi. 22– 23 bBularyň hemmesi Rebbiň pygamber arkaly: «Ine, boý gyz göwreli bolup, Ogul dograr. Onuň adyna Imanuwel dakarlar» diýip aýdan sözüniň berjaý bolmagy üçin boldy. Bu at «Hudaý biziň bilendir» diýmegi aňladýar. 24Ýusup ukudan oýanansoň, Rebbiň perişdesiniň buýrugyny ýerine ýetirip, Merýeme öýlendi. 25Emma Merýem ogluny ▼▼Ogluny – käbir golýazmalarda nowbahar ogluny.
dogurýança, Ýusup oňa ýanaşmady. Ýusup doglan çaganyň adyna Isa dakdy.
Copyright information for
TukLat16