Matthew 11:2-19
2Ýahýa hem tussaglykdaka, Mesihiň eden işleri barada eşidip, Onuň ýanyna şägirtlerini ▼▼Şägirtlerini – käbir golýazmalarda şägirtleriniň ikisini.
iberdi: 3«Şol gelmeli Mesih Senmi ýa-da biz başga birine garaşmalymy?» diýip soratdy. 4Isa olara: «Baryň-da, görüp-eşidenleriňizi Ýahýa habar beriň. 5Körler görýär, agsaklar ylgaýar, deri keselliler tämizlenýär, kerler eşidýär, ölüler direlýär, garyplara Hoş Habar wagyz edilýär. 6Menden ýüz döndermedik adam bagtlydyr» diýip jogap berdi. 7Ýahýanyň şägirtleri giden wagty, Isa mähellä Ýahýa barada gürrüň bermäge başlady: «Çöle näme görmäge gitdiňiz? Şemala yranýan ýylgynymy? 8Ýeri, näme görmäge gitdiňiz? Nepis eşikler geýnen bir adamymy? Emma nepis eşikler geýnenler patyşalaryň köşklerindedir. 9Onda näme görmäge gitdiňiz? Bir pygamberimi? Hawa, Men size şuny aýdýaryn, ol gören kişiňiz hatda pygamberden hem artykdyr. 10 b„Öňüňden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin“diýip ýazylan sözler hem hut şoňa degişlidir. 11Size dogrusyny aýdýaryn, aýaldan doglanlaryň arasynda çümdüriji Ýahýadan beýigi ýokdur, emma Gögüň Şalygynda iň kiçisi hem ondan beýikdir. 12Çümdüriji Ýahýanyň günlerinden tä şu wagta çenli Gögüň Şalygyna rehimsiz hüjüm edilýär we wagşy adamlar ony ele salýarlar. 13Ýahýa çenli ähli pygamberler we Töwrady bu hakda pygamberlik etdi. 14Eger Ýahýany kabul etmek isleýän bolsaňyz, gelmegine garaşylýan Ylýas oldur. 15Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin! 16– 17Men bu nesli kime meňzedeýin? Olar bazarlarda oturyp, başgalara: „Size tüýdük çaldyk, tans etmediňiz; agy aýtdyk, aglamadyňyz“diýip gygyrýan çagalara meňzeýärler. 18Ýahýa geldi, ol iýenogam, içenogam. Olar bolsa oňa „jynly“diýýärler. 19Ynsan Ogly geldi, Ol iýýärem, içýärem, olar Oňa: „Ine, bu horana, arakhora serediň! Ol salgytçylar we günäkärler bilen dost boldy!“diýýärler. Emma danalyk öz amallary bilen tassyklanar».
Copyright information for
TukLat16