‏ Matthew 12:1-14

Sabat güni barada sorag

(Mark 2:23-28; Luka 6:1-5)

1Aradan köp wagt geçmänkä, bir Sabat güni Isa bugdaýlygyň arasyndan geçip barýardy. Onuň şägirtleri ajygyp, bugdaý başlaryny ýolup iýmäge başladylar. 2Muny gören fariseýler Oňa: «Seret, Seniň şägirtleriň Sabat güni gadagan işi edýärler» diýdiler. 3 aIsa olara şeýle jogap berdi: «Dawut bilen ýanyndakylar aç galanlarynda, siz Dawudyň näme edendigini okamadyňyzmy? 4Ol Hudaýyň öýüne girip, Hödür çöreklerini iýdi, ýanyndakylar hem iýdiler. Bu olar üçin gadagandy, diňe ruhanylara rugsat berlendi. 5 bEýsem, siz ybadathanada Sabat gününiň kadalaryny bozsalar-da, ruhanylaryň günäsiz saýylandygyny Töwratda okamadyňyzmy? 6Men size şuny aýdaýyn: bu ýerde ybadathanadan-da beýik Biri bar. 7 cSiz: „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“diýen sözüň manysyny bilsediňiz, günäsizleri höküm etmezdiňiz. 8Çünki Ynsan Ogly hatda Sabat gününiň-de hökümdarydyr».

Eli şel açan adam

(Mark 3:1-6; Luka 6:6-11)

9 Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi. 10Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz? 12Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi.

13Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy. 14Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
Copyright information for TukLat16