Matthew 12:22-32
Isa we Beýelzebul
(Mark 3:20-30; Luka 11:14-23)
22Onsoň Isanyň ýanyna arwah-jyn eýelän kör hem lal adamy getirdiler. Isa ony sagaldansoň, ýaňky adam geplemäge we görmäge başlady. 23Tutuş halk haýran galyp: «Bu Dawudyň ogly dälmikä?» diýişdi. 24Muny eşiden fariseýler: «Bu adam arwah-jynlary jynlaryň hökümdary Beýelzebul arkaly kowup çykarýar» diýdiler. 25Emma Isa olaryň pikirlerini bilip, şeýle diýdi: «Içinde bölünişik bolan patyşalyk dargar, öz içinden bölünen şäher ýa-da öý berk durup bilmez. 26Şeýtan şeýtany kowýan bolsa, onda içinde bölünişik bardyr, onsoň onuň patyşalygy nähili durar? 27Eger Men arwah-jynlary Beýelzebul arkaly kowýan bolsam, onda siziň adamlaryňyz olary kim arkaly kowýarlar? Şu sebäpli sizi öz adamlaryňyz höküm eder. 28Men arwah-jynlary Hudaýyň Ruhy arkaly kowýan bolsam, onda Hudaýyň Şalygy size-de gelendir. 29Kim güýçli adamyň öýüne girip, malyny talap biler? Ilki ony daňmaly bolar, onsoň öýüni talar. 30Meniň bilen bolmadyk Maňa garşydyr, Meniň bilen sürini toplamadyk ony dargadýandyr. 31Şonuň üçin size şuny diýýärin: ynsanlaryň her bir günäsi, her bir zada dil ýetirmesi bagyşlanar, emma Mukaddes Ruha dil ýetirenler bagyşlanmaz. 32Kim Ynsan Ogluna garşy söz aýtsa, bagyşlanar. Emma Mukaddes Ruha garşy aýdylan söz bagyşlanmaz. Ol şu döwürde-de, geljekde-de bagyşlanmaz.
Copyright information for
TukLat16