Matthew 12:38-42
Ýunusyň alamaty
(Mark 8:11,12; Luka 11:24-26,29-32)
38Şonda käbir Töwrat mugallymlary we fariseýler Oňa jogap berip: «Mugallym, biz Senden bir gudratly alamat görmek isleýäris» diýdiler. 39Isa olara şeýle jogap berdi: «Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez. 40 aÝunusyň üç gije-gündiz balygyň garnynda galyşy ýaly, Ynsan Ogly-da üç gije-gündiz ýeriň bagrynda galar. 41 bNinewe halky kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi olar Ýunusyň wagzy bilen toba geldiler. Ine, bu ýerde Ýunusdan hem üstün Biri bar. 42 cGünorta melikesi kyýamat güni bu nesle garşy çykyp, ony höküm eder, sebäbi ol Süleýmanyň pähimini diňlemek üçin, ýeriň aňry ujundan geldi. Ine, bu ýerde Süleýmandan-da üstün Biri bar.
Copyright information for
TukLat16