Matthew 12:9-14
Eli şel açan adam
(Mark 3:1-6; Luka 6:6-11)
9 Isa ol ýerden gitdi we olaryň sinagogasyna geldi. 10Ol ýerde eli şel açan bir adam bardy. Isany aýyplajak bolup, Ondan: «Kanun boýunça Sabat güni hassa şypa bermek bolýarmy?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Eger bir goýnuňyz bolup, ol-da Sabat güni çukura gaçsa, haýsyňyz ony çykaryp almarsyňyz? 12Ynsan goýundan has gymmatlydyr! Şonuň üçin Sabat güni ýagşylyk etmek bolýar» diýip jogap berdi. 13Onsoň Isa ýaňky adama: «Eliňi uzat!» diýdi. Ol uzadan badyna, onuň näsag eli edil beýleki eli ýaly sagaldy. 14Fariseýler daşary çykyp, Isany nädip ýok etmelidigi barada maslahatlaşdylar.
Copyright information for
TukLat16