Matthew 13:1-23
Ekin tymsaly
(Mark 4:1-20; Luka 8:4-15)
1Şol gün Isa öýden çykyp, kölüň ýakasynda otyrdy. 2Daşyna şeýle uly mähelläniň üýşendigi sebäpli köldäki bir gaýyga münüp otyrdy. Tutuş mähelle bolsa kölüň ýakasynda, gury ýerde durdy. 3Isa olara tymsallar arkaly köp zatlar öwretdi: «Bir daýhan ekin ekmäge çykýar. 4Ekip ýörkä, tohumlaryň birnäçesi ýoluň üstüne düşýär we guşlar gelip, ony çokýarlar. 5Birnäçesi topragy az, daşly ýere düşýär. Topragy çuň bolmansoň, olar tiz gögerýär. 6Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar. 7Birnäçe tohum tikenleriň arasyna düşýär. Tikenler ösüp, olary basýar. 8Birnäçesi-de gowy ýere düşüp, käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri hem otuz esse hasyl berýär. 9Eşitmäge gulagy bar adam eşitsin!» 10Onsoň şägirtler Isadan: «Näme üçin halka tymsallar bilen gürrüň berýärsiň?» diýip soradylar. 11Ol şeýle jogap berdi: «Gögüň Şalygynyň syrlaryna düşünme ukyby size berildi, olara berilmedi. 12Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ondaky bol bolar; kimde ýok bolsa, onuň elindäki hem alnar. 13Meniň olara tymsallar bilen gürrüň bermegimiň sebäbi şudur: olar seredýärler, ýöne görmeýärler, diňleýärler, ýöne eşitmeýärler we düşünmeýärler. 14 aŞeýdip, Işaýanyň pygamberlik bilen aýdan sözleri olarda berjaý bolýar: „Eşidip dursaňyz-da, hiç düşünmersiňiz,seredip dursaňyz-da, hiç aňlamarsyňyz.
15Bu halkyň ýüregi küteldi,
gulaklary ker açdy,
gözleri gapyldy.
Ýogsam gözleri bilen görüp,
gulaklary bilen eşiderdiler,
aňlary bilen aňlap,
Maňa tarap dolanardylar,
Men hem olara şypa bererdim“.
16Emma siz nähili bagtly! Sebäbi gözleriňiz görýär, gulaklaryňyz eşidýär. 17Size dogrusyny aýdýaryn: köp pygamberler we ençeme dogry adamlar siziň görýänleriňizi görmek islediler, emma görmediler. Siziň eşidýänleriňizi eşitmek islediler, emma eşitmediler. 18Indi daýhan hakyndaky tymsalyň manysyny diňläň: 19kim Hudaýyň Şalygy hakyndaky sözi eşidip, oňa düşünmese, şeýtan gelip, onuň ýüreginde ekileni sogrup alýar. Ýoluň gyrasynda ekilen budur. 20Daşly ýere ekilen bolsa, sözi eşidip, ony dessine şatlyk bilen kabul edýändir. 21Emma beýle adamda kök ýokdur, çydamsyzdyr. Bu söz üçin muşakgat ýa-da yzarlama bolanda, ol dessine imandan ýüz dönderer. 22Tikenligiň arasyna düşen tohum bolsa sözi eşidýär, ýöne dünýäniň gaýgylary, baýamak höwesi ony bogýar we söz hasylsyz galýar. 23Gowy topraga ekilen bolsa, sözi eşidip, oňa düşünýär hem-de hasyl berýär. Beýle adamlaryň käbiri ýüz, käbiri altmyş, käbiri otuz esse hasyl berýär».
Copyright information for
TukLat16