Matthew 14:1-12
Ýahýanyň ölümi
(Mark 6:14-29; Luka 9:7-9)
1Şol wagt Isanyň at-owazasy Hirod hanyň gulagyna baryp ýetdi. 2Ol öz emeldarlaryna: «Bu Ýahýa çümdürijidir. Ol ölümden direlipdir, şol sebäpli ol bu mugjyzalary görkezip bilýär» diýdi. 3Hirod dogany Filipiň aýaly Hirodiýa üçin Ýahýany tutduryp, el-aýagyny gandallap, zyndana taşladypdy. 4Ol muny Ýahýaňyň özüne: «Seniň öz doganyňyň aýalyna öýlenmegiň dogry däl» diýeni üçin etdi. 5Hirod Ýahýany öldürmek isleýärdi, emma halkyň Ýahýany pygamber saýýandygy üçin beýle etmekden gorkýardy. 6Hirodyň doglan güni Hirodiýanyň gyzy ortada tans edip, Hirodyň göwnüni çaglady. 7Şonda Hirod gyza ant içip, dilän zadyny berjekdigine söz berdi. 8Gyz hem ejesiniň öwretmegi bilen: «Maňa bir tabagyň içinde Ýahýa çümdürijiniň başyny ber» diýdi. 9Han gamgyn boldy, emma myhmanlaryň ýanynda ant içensoň, Ýahýanyň başynyň oňa getirilip berilmegini buýurdy. 10Jellat iberip, zyndanda Ýahýanyň başyny çapdyrdy. 11Çapylan başy bir tabakda getirip, gyza berdi. Gyz-da ony ejesine eltip berdi. 12Ýahýanyň şägirtleri gelip, onuň jesedini äkidip jaýladylar. Soňra gidip, muny Isa habar berdiler.
Copyright information for
TukLat16