‏ Matthew 14:13-21

Isa bäş müň adamy doýurýar

(Mark 6:30-44; Luka 9:10-17; Ýohanna 6:1-14)

13 Isa muny eşidip, ýeke Özi gaýyga mündi-de, ol ýerden bir çola ýere çekildi. Halk muny bilende, şäherlerden çykyp, paý-pyýada Onuň yzyndan gitdi. 14Ol gaýykdan düşende, uly mähelläni görüp, olara haýpy geldi, olaryň hassalaryny sagaltdy. 15Şägirtleri agşam Onuň ýanyna gelip: «Bu bir çola ýer, wagt hem gijikdi, halky goýber, obalara gidip, özlerine iýmit satyn alsynlar» diýdiler. 16Isa olara: «Gitmegiň geregi ýok, olara iýmäge zady siz beriň» diýdi. 17Şägirtler hem Isa: «Biziň bu ýerde bäş çörek bilen iki balykdan başga zadymyz ýok ahyryn» diýdiler. 18Isa: «Olary şu ýere – Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 19Şonda Isa halka otuň üstünde oturmagy buýurdy. Ol bäş çörek bilen iki balygy alyp, gözlerini göge dikip, şükür etdi we çörekleri bölüşdirip, şägirtlerine berdi. Şägirtleri hem olary mähellä paýladylar. 20Hemmeler iýip doýdular. Şägirtler artan çörek böleklerini ýygnap, on iki sebedi doldurdylar. 21Mundan iýenleriň sany aýallardyr çagalardan başga bäş müňe golaý adamdy.
Copyright information for TukLat16