‏ Matthew 15:1-20

Adamy näme murdar edýär?

(Mark 7:1-23)

1Onsoň käbir fariseýler bilen Töwrat mugallymlary Iýerusalimden Isanyň ýanyna gelip, Ondan: 2«Näme üçin Seniň şägirtleriň ata-babalaryň adatyny bozýarlar? Näme üçin olar nahar iýenlerinde ellerini ýuwmaýarlar?» diýip soradylar. 3Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz näme üçin öz adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň buýrugyny bozýarsyňyz? 4Hudaý: „Ata-eneňe hormat goý“, şeýle-de, „Atasyna ýa-da enesine gargan adam ölüme höküm edilsin“diýip buýrupdy. 5 6Emma siz ata-enesine: „Men size kömek edip biljek däl. Size bermegi niýet eden zatlarymy men Hudaýa sadaka berdim“diýip aýdýana onuň atasyna
Käbir golýazmalarda atasyna ýa-da enesine.
hormat goýmagy hökman däl diýýärsiňiz. Şeýdip, adatlaryňyzyň hatyrasyna Hudaýyň sözüni puja çykarýarsyňyz.
7Eý, ikiýüzlüler, Işaýa pygamber siz hakda jaýdar pygamberlik edipdir! Onda şeýle ýazylan: 8 b„Bu halk Meni dilinde hormatlaýar,
emma ýürekleri Menden uzakdadyr.
9Biderek ýere Maňa sežde edýärler,
taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».

10 Isa mähelläni ýanyna çagyryp, olara: «Diňläň, düşüniň! 11Agza giren zat adamy murdar edýän däldir, adamy agyzdan çykýan zat murdar edýändir» diýdi. 12Onsoň şägirtler gelip, Ondan: «Fariseýleriň bu sözi eşidip, nägile bolandyklaryny bilýärsiňmi?» diýip soradylar. 13Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular. 14Olara zat diýmäň, olar körleri idýän körlerdir. Kör-köri ideklese, olaryň ikisi hem çukura gaçar» diýip jogap berdi. 15Petrus Oňa: «Bize bu tymsaly düşündirip ber» diýdi. 16Isa hem şeýle diýdi: «Siz henizem düşüneňzokmy? 17Agza giren her bir zadyň ilki garna baryp, ol ýerden hem daşary çykýandygyny bilmeýärsiňizmi? 18Emma agyzdan çykan zatlar ýürekden çykyp, adamy murdar edýär. 19Adamyň ýüreginden erbet pikirler, ganhorlyk, zynahorlyk, azgynlyk, ogurlyk, ýalan şaýatlyk, sögünç çykýandyr. 20Adamy şu zatlar murdar edýär, ýuwulmadyk el bilen nahar iýmek adamy murdar etmeýär».
Copyright information for TukLat16