‏ Matthew 16:1-12

Ýolbaşçylar alamat talap edýär

(Mark 8:11-13; Luka 12:54-56)

1 Fariseýler bilen saddukeýler Isanyň ýanyna geldiler. Olar Isany synamak üçin, Onuň özlerine gökden bir gudratly alamat görkezmegini islediler. 2Ol şeýle jogap berdi: «Agşam düşende: „Asmanyň ýüzi gyzaryp dur, howa gowy boljak“diýýärsiňiz. 3Ertirine hem: „Asmanyň ýüzi garalypdyr hem tutuk, bu gün gaý turjak“diýýärsiňiz. Siz asmana seredip, howanyň ýagdaýyny saýgaryp bilýärsiňiz-de, döwrüň alamatlaryny saýgaryp bilmeýärsiňizmi? 4Bu erbet we biwepa nesil alamat talap edýär, emma oňa Ýunus pygamberiňkiden başga alamat berilmez». Şeýlelikde, Isa olary taşlap gitdi.

Fariseýleriň we Hirodyň hamyrmaýasyndan hüşgär boluň!

(Mark 8:14-21)

5Şägirtleri kölüň beýleki tarapyna geçenlerinde, çörek almagy unudan ekenler. 6Isa olara: «Hüşgär boluň, özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň» diýdi. 7Olar bolsa özara çekeleşip: «Ol muny biziň çörek almandygymyz üçin şeýle diýýändir» diýişýärdiler. 8Emma Isa olaryň näme diýişýändiklerini bilip, şeýle diýdi: «Eý, imany azlar! Çörek almandyrys diýşip, nämä özara çekeleşýärsiňiz? 9Entek hem düşüneňzokmy? Bäş çörek bilen bäş müň adamyň doýandygy, artanynyň näçe sebet bolandygy ýadyňyza düşmeýärmi? 10Ýedi çörek bilen dört müň adamyň doýandygy, artanyndan näçe sebedi dolduryp ýygnandygyňyz hem ýadyňyza düşenokmy? 11Siz nädip çörek barada gürrüň etmeýändigime düşüneňzok? Men size: „Özüňizi fariseýler bilen saddukeýleriň hamyrmaýasyndan goraň“diýýärin». 12Şägirtler Isanyň özlerine hamyrmaýa däl-de, fariseýler bilen saddukeýleriň taglymatyndan goranyň diýýändigine şonda düşündiler.
Copyright information for TukLat16