Matthew 16:13-20
Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär
(Mark 8:27-30; Luka 9:18-21)
13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. 14Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 15Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. 17Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. 18Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus! ▼▼Petrus – bu söz gaýa diýmegi aňladýar.
Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez. 19Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler». 20Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.
Copyright information for
TukLat16