‏ Matthew 16:13-28

Petrus Isanyň Mesihdigini ykrar edýär

(Mark 8:27-30; Luka 9:18-21)

13 Isa Kaýsariýa-Filip şäheriniň golaýyna gelende, şägirtlerinden: «Adamlar Ynsan Ogluna kim diýýärler?» diýip sorady. 14Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler. 15Isa olardan: «Siz Maňa kim diýýärsiňiz?» diýip sorady. 16Simun Petrus: «Sen diri Hudaýyň Ogly Mesihsiň» diýip jogap berdi. 17Isa Oňa şeýle diýdi: «Eý, Ýunusyň ogly Simun, sen nähili bagtly! Bu syry saňa aýan eden ynsan däl-de, gökdäki Atamdyr. 18Men saňa şuny aýdaýyn: Eý, Petrus!
Petrus – bu söz gaýa diýmegi aňladýar.
Sen gaýasyň, Men ýygnagymy bu gaýanyň üstünde guraryn, hatda ölüm-de bu ýygnagymy ýeňip bilmez.
19Gögüň Şalygynyň açarlaryny saňa bererin. Ýer ýüzünde rugsat berýän zadyňa gökde-de rugsat berler. Ýer ýüzünde gadagan edýän zadyň gökde-de gadagan ediler». 20Onsoň şägirtlerine Özüniň Isa Mesihdigini hiç kime aýtmazlygy tabşyrdy.

Isa ölüp direljegini öňünden aýdýar

(Mark 8:31–9:1; Luka 9:22-27)

21Şondan soň Isa şägirtlerine Özüniň Iýerusalime gitmelidigi, ýaşulularyň, ýolbaşçy ruhanylaryň, Töwrat mugallymlaryň elinden köp görgüler görmelidigi, öldürilmelidigi we üçülenji gün direlmelidigi hakynda düşündirmäge başlady. 22Petrus Ony bir çete çekip: «Hudaý saklasyn, Agam! Seniň başyňa asla beýle iş düşmez!» diýip, Onuň aýdanlaryna garşy çykmaga başlady. 23Emma Isa Petrusa tarap öwrülip: «Çekil öňümden, şeýtan! Sen Maňa böwet bolýarsyň, sebäbi Sen Hudaýyň işlerini däl-de, ynsan işleri hakda oýlanýarsyň» diýdi. 24Onsoň Isa şägirtlerine ýüzlenip: «Kim Meniň yzyma eýermek isleýän bolsa, özüni inkär etsin-de, haçyny alyp, yzyma düşsün. 25Kim janyny halas etmek islese, ony ýitirer, ýöne kim janyny Meniň ugrumda ýitirse, ony halas eder. 26Ynsan tutuş dünýäni gazanybam, janyndan mahrum bolsa, oňa näme peýdasy bar? Ynsan öz janyna derek näme berip biler? 27Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer. 28Size dogrusyny aýdýaryn: bu ýerde duranlaryň käbiri Ynsan Oglunyň Patyşa bolup gelýänini görmezden ölmezler» diýdi.
Copyright information for TukLat16