‏ Matthew 17:1-13

Isanyň keşbi üýtgeýär

(Mark 9:2-13; Luka 9:28-36)

1Alty günden soň Isa ýanyna diňe Petrusy, Ýakuby we onuň dogany Ýohannany alyp, bir beýik dagyň üstüne çykdy. 2Şol ýerde olaryň gözüniň alnynda Onuň keşbi üýtgedi. Onuň ýüzi Gün kimin parlady, eginbaşy ap-ak bolup, yşyk saçdy. 3Birdenkä olara Musa bilen Ylýas göründi. Olar Isa bilen gepleşip durdular. 4Petrus Isa: «Agam! Bize bu ýerde bolmak ýakymly, isleseň, bu ýerde üç çadyr dikeýin: biri – Saňa, biri – Musa, biri – Ylýasa» diýdi. 5Ol entek gepläp durka, parlak bir bulut olaryň üstüni örtdi. Bulutdan: «Bu Meniň söwer Oglumdyr, Men Ondan gaty razydyryn. Oňa gulak asyň» diýen bir owaz geldi. 6Şägirtler muny eşidenlerinde, gaty gorkup, ýüzin ýykyldylar. 7Emma Isa gelip, olara elini degrip: «Turuň, gorkmaň» diýdi. 8Olar başyny galdyryp seredenlerinde, Isadan başga hiç kimi görmediler.

9Dagdan inip gelýärkäler, Isa olara: «Ynsan Ogly ölümden direlýänçä, gören zatlaryňyzy hiç kime aýtmaň» diýip tabşyrdy. 10Şägirtleri Ondan: «Onda näme üçin Töwrat mugallymlary öňürti Ylýas gelmelidir diýýärler?» diýip soradylar. 11Isa olara: «Dogrudan-da, öňürti Ylýas gelip, ähli zady düzetmeli. 12Men size şuny aýdýaryn: Ylýas birwagt geldi, emma ony tanaman, oňa islän zatlaryny etdiler. Ynsan Ogly-da edil şonuň ýaly, olaryň elinden jebir çeker» diýip jogap berdi. 13Şonda şägirtler Onuň özlerine çümdüriji Ýahýa barada gürrüň berýändigine düşündiler.
Copyright information for TukLat16