‏ Matthew 17:14-23

Isa arwah-jyn eýelän oglany sagaldýar

(Mark 9:14-32; Luka 9:37-45)

14Olar mähelläniň ýanyna ýetip barýarkalar, bir adam Isanyň ýanyna gelip, Onuň öňünde dyza çökdi. 15Ol: «Agam, ogluma rehim et! Onuň tutgaý keseli bar, örän ejir çekýär. Ol ýygy-ýygydan özüni oda, suwa urýar. 16Men ony Seniň şägirtleriňe getirdim, emma olar sagaldyp bilmediler» diýdi.

17 Isa: «Eý, ýoldan çykan, imansyz nesil! Men haçana çenli siziň bilen bile bolup, size çydaýyn? Oglany şu ýere, Meniň ýanyma getiriň» diýdi. 18Isa arwah-jyna berk käýän badyna, arwah-jyn oglandan çykyp gitdi. Oglan şol pursadyň özünde sagaldy.

19Onsoň şägirtler Isanyň ýanyna gelip, özli-özlerikä Ondan: «Biz näme üçin ony çykaryp bilmedik?» diýip soradylar. 20Isa hem olara: «Ýeterlik imanyňyzyň ýokdugy üçin şeýle boldy. Size dogrusyny aýdýaryn: bir gorçisa dänesi ýalyjak imanyňyz bolup, şu daga: „Bu ýerden ol ýere göç“diýseňiz, ol göçer. Size başartmajak zat bolmaz» diýdi.
Käbir golýazmalarda 21‑nji aýat duş gelýär: Şeýle arwah-jynlary agyz bekläp, Hudaýa doga-dileg etmekden başga hiç zat bilen çykaryp bolýan däldir.

21 22Bir gün Jelilede üýşenlerinde, Isa olara: «Ynsan Ogly adamlaryň eline tabşyrylar. 23Ony öldürerler, emma Ol üçülenji gün direler» diýdi. Şägirtler muňa örän gynandylar.
Copyright information for TukLat16