‏ Matthew 18:1-5

Iň beýik kim?

(Mark 9:33-37,42-48; Luka 9:46-48; 17:1-2)

1Şol wagt şägirtler Isanyň ýanyna gelip: «Gögüň Şalygynda iň beýik kim?» diýip soradylar. 2Isa-da bir çagany çagyryp, ony olaryň ortasynda duruzdy-da, şeýle diýdi: 3«Size dogrusyny aýdýaryn: eger siz ýoluňyzdan dönüp, çagalar ýaly bolmasaňyz, Gögüň Şalygyna asla girip bilmersiňiz. 4Kim şu çaga ýaly pes göwünli bolsa, Gögüň Şalygynda iň beýik şoldur. 5Kim şunuň ýaly bir çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir.
Copyright information for TukLat16