Matthew 19:1-12
Nika we aýrylyşmak barada
(Mark 10:1-12)
1 Isa bu sözleri tamamlandan soň, Jelileden çykyp, Iordan derýasynyň aňyrsyndaky Ýahudyýa welaýatyna gitdi. 2Uly mähelle Onuň yzyna düşdi, Isa hem şol ýerde olaryň hassalaryny sagaltdy. 3Isanyň ýanyna gelen käbir fariseýler Ony synap görmek üçin: «Bir adamyň her hili bahana arap, öz aýalyndan aýrylyşmagy kanuna dogry gelýärmi?» diýip soradylar. 4 aIsa hem: «Siz näme „Ýaradanyň Özi owal-başda ynsanlary erkek we aýal edip ýaratdy“diýen sözleri okamadyňyzmy? 5 b„Şol sebäpden hem erkek ata-enesini taşlap, aýaly bilen birleşýär we olaryň ikisi bir ten bolýar“. 6Şeýlelikde, olar indi iki däl, bir tendir. Şonuň üçin hem Hudaýyň birleşdirenini ynsan aýyrmasyn» diýdi. 7 cFariseýler Isadan: «Onda näme üçin Musa talak hatyny ýazyp, aýrylyşmaga ygtyýar beripdir?» diýip soradylar. 8Isa olara: «Musa siziň doňýürekdigiňiz üçin aýalyňyzy aýyrmaga ygtyýar berdi, emma owal-başda beýle däldi. 9Men size şuny diýýärin: kim aýalyny zynadan başga sebäp bilen aýryp, başga aýala öýlense, zyna edýändir ▼▼Käbir golýazmalarda Ärinden aýrylyşan aýala öýlenen hem zyna edýändir diýen jümle hem bar.
» diýip jogap berdi. 10Şägirtler Oňa: «Eger är-aýalyň arasyndaky ýagdaý şeýle bolsa, onda öýlenmezlik gowudyr» diýişdiler. 11Emma Isa olara: «Hemme adamlar bu sözi kabul edip bilmezler, diňe özlerine berlenler kabul edip bilerler. 12Käbir adamlar dogabitdi agtadyrlar, käbirleri bolsa adamlar tarapyndan agta edilendir. Başga birleri bolsa Gögüň Şalygynyň hatyrasyna hiç kim bilen birleşmeýär. Muny kabul edip bilen kabul etsin» diýdi.
Copyright information for
TukLat16