bZeb 117:25-26.

‏ Matthew 21:1-11

Isa Iýerusalime uly dabara bilen girýär

(Mark 11:1-11; Luka 19:28-40; Ýohanna 12:12-19)

1 Isa bilen şägirtleri Iýerusalime golaýlap, Zeýtun dagynyň etegindäki Beýtfaja gelenlerinde, Isa iki şägirdini öňden ýollap, olara: 2«Öňüňizdäki oba baryň. Oba giren ýeriňizde daňylgy duran bir eşegi we ýanyndaky taýhary taparsyňyz, olary çözüň-de, Meniň ýanyma getiriň. 3Eger biri size bir zat diýse: „Bu taýhar Rebbe gerek, ony dessine yzyna iberer“diýip aýdyň» diýdi.

4Bu-da pygamber arkaly aýdylan şu sözüň berjaý bolmagy üçindi:

5 a«Eý, Sion gyzy! Patyşaň, ine, saňa tarap gelýär.
Ol bir eşege,
eşegiň-de taýharyna münüp,
pes göwünlilik bilen saňa tarap gelýär».

6Şägirtler gidip, Isanyň tabşyryşy ýaly etdiler. 7Eşek bilen taýhary getirdiler-de, donlaryny olaryň üstüne atdylar, Isa-da taýhara mündi. 8Mähelläniň köpüsi donuny ýola ýazýardy, käbirleri-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi. 9 bOnuň öňünden hem yzyndan gelýän mähelle: «Dawut Ogluna alkyş bolsun! Rebbiň adyndan gelýäne alkyş bolsun, göklerde alkyş!» diýip gygyryşýardy. 10Isa Iýerusalime girende, tutuş şäher: «Bu kim?» diýip, galagopluga düşdi. 11Mähelle hem olara: «Bu Jeliläniň Nasyra şäherinden bolan Isa pygamber» diýýärdi.
Copyright information for TukLat16