Matthew 21:12-17
Isa satyjylary ybadathanadan kowýar
(Mark 11:15-19; Luka 19:45-48; Ýohanna 2:13-22)
12 Isa ybadathananyň howlusyna girip, ol ýerdäki satyjylary, alyjylary kowdy. Ol pul çalyşýanlaryň tekjelerini, kepderi satýanlaryň oturgyçlaryny düňderdi. 13 aIsa olara: «„Meniň öýüm ybadat öýi diýlip atlandyrylar“diýip ýazylgydyr, siz bolsa muny garakçylaryň sürenine öwürýärsiňiz» diýdi. 14Ybadathanada körler, agsaklar Isanyň ýanyna geldiler. Isa olary sagaltdy. 15Ýolbaşçy ruhanylar bilen Töwrat mugallymlary Onuň görkezen gudratlaryny we ybadathanada: «Dawut Ogluna alkyş!» diýip gygyrýan çagalary görenlerinde gazaba mündüler. 16 bOlar Isadan: «Bularyň näme diýýänini eşidýärsiňmi?» diýip soradylar. Isa olara: «Hawa, eýsem siz: „Çagalaryň, bäbekleriň dilinde alkyş senasyny ýaratdyň“diýen sözleri asla okamadyňyzmy?» diýdi. 17 Isa olary şol ýerde galdyryp, şäherden çykyp gitdi. Ol Beýtaniýa gelip, gijäni şol ýerde geçirdi.
Copyright information for
TukLat16