aZeb 117:22-23.
Matthew 21:33-46
Üzümçilik we kärendeçiler tymsaly
(Mark 12:1-12; Luka 20:9-19)
33«Ýene bir tymsala gulak asyň: bir ýer eýesi bar eken. Ol üzüm baglaryny oturdyp, daşyna haýat aýlaýar. Şerap ýasamak üçin üzüm sykmaga çukur gazýar we gözegçilik diňini gurýar. Onsoň üzümçiligini bagbanlara kärendesine berip, özi uzak ýola gidýär. 34Hasyl möwsümi gelende, üzümiň miwesinden alyp gelmek üçin, ol hyzmatkärlerini kärendeçileriň ýanyna iberýär. 35Kärendeçiler onuň hyzmatkärlerini tutup, birini ýenjýärler, başga birini öldürýärler, beýlekisini-de daşlaýarlar. 36Üzümçiligiň eýesi öňküden hem köp hyzmatkärlerini iberýär. Kärendeçiler olara-da öňkülere edenlerini edýärler. 37Ahyrsoňunda üzümçiligiň eýesi: „Oglumy sylarlar“diýip, öz ogluny iberýär. 38Emma kärendeçiler biri-birlerine: „Mirasdar şudur! Geliň, şuny öldürip, mirasyny elinden alalyň“diýişýärler. 39Olar ony tutup öldürýärler we üzümçiligiň daşyna taşlaýarlar. 40Indi üzümçiligiň eýesi gelip, bu kärendeçilere näme eder?» 41Olar Isa: «Bu pis adamlary aýylganç ölüme sezewar eder we üzümçiligini bolsa miwesini wagtynda özüne berjek başga kärendeçilere berer» diýdiler. 42 aIsa olardan: «Siz näme Mukaddes Ýazgylarda: „Ussalaryň ret eden daşy,binanyň burç daşy boldy.
Muny Reb etdi,
bu nazarymyzda täsin saýyldy“
diýen sözleri okamadyňyzmy?» diýip sorady. 43«Munuň üçin size şeýle diýýärin: Hudaýyň Şalygy sizden alnyp, Şalyk üçin hasyl öndürjek halka berler. 44Bu daşyň üstüne ýykylan bölek-bölek bolar. Eger ol biriniň üstüne gaçsa, ony mynjyradar». 45Ýolbaşçy ruhanylardyr fariseýler Onuň tymsallaryny eşidenlerinde, gürrüňiň özleri baradadygyny aňdylar. 46Ony tutjak boldular, ýöne halkdan gorkdular, sebäbi halk Isany pygamber saýýardy.
Copyright information for
TukLat16