Matthew 22:1-10
Gelin toý tymsaly
(Luka 14:15-24)
1 Isa olara ýene-de tymsallar arkaly gürrüň berdi: 2«Gögüň Şalygy öz ogly üçin gelin toýuny tutan patyşa meňzeýändir. 3Ol toýa çagyrylanlara habar etmek üçin hyzmatkärlerini iberýär, emma çagyrylanlar gelmek islemeýärler. 4Patyşa ýene başga hyzmatkärleri iberip, olara: „Çagyrylanlara aýdyň, ine, men toý saçagyny taýýarlap goýdum. Öküzlerim, semiz mallarym soýuldy, ähli zat taýýar, toýa gelsinler“diýýär. 5Emma olar üns hem bermeýärler, biri öz ekin meýdanyna gidýär, ýene biri öz söwdasynyň ugrunda gezýär. 6Başgalary bolsa onuň hyzmatkärlerini tutup azar berýärler, olary öldürýärler. 7Şeýlelikde, patyşa gazap donuny geýýär. Ol goşun ýollap, ýaňky ganhorlary derbi-dagyn edýär, şäherlerini otlaýar. 8Onsoň patyşa hyzmatkärlerine: „Toý saçagy taýýar, emma çagyrylanlar muňa mynasyp däl eken. 9Köçelere çykyň-da, kimi tapsaňyz, toýa çagyryň“diýýär. 10Hyzmatkärler ýollara çykyp, ýaman diýmän, ýagşy diýmän, tapanlarynyň baryny üýşürýärler, toýhana myhmanlardan dolýar.
Copyright information for
TukLat16