Matthew 22:23-33
Direliş barada sowal
(Mark 12:18-27; Luka 20:27-40)
23Ölümden soň direlişiň ýokdugyny aýdýan saddukeýler Isanyň ýanyna gelip, Oňa şeýle sorag berdiler: 24 a«Mugallym! Musa bize bir adam perzentsiz ölüp gitse, dogany onuň dul aýalyny alyp, ölen doganynyň neslini dowam etdirmelidir diýip aýdypdyr. 25Biziň aramyzda ýedi dogan bardy. Birinjisi öýlendi-de öldi. Zürýady bolmansoň, aýalyny doganyna galdyrdy. 26Ikinjisi, üçünjisi, tä ýedinjisine çenli hemmesinde şol bir ýagdaý gaýtalandy. 27Olaryň hemmesinden soň ol aýal hem öldi. 28Indi direliş güni bu aýal olaryň haýsysynyň aýaly bolar? Olaryň ýedisi hem oňa öýlenipdi ahyryn». 29Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz. 30Ynsanlar ölümden direlende, ne öýlenerler, ne-de durmuşa çykarlar, olar göklerdäki perişdeler ýaly bolarlar. 31Ölüleriň direlişi babatda bolsa, siz Hudaýyň özüňize: 32 b„Men Ybraýymyň, Yshagyň, Ýakubyň Hudaýydyryn“diýenini okamadyňyzmy? Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr». 33Mähelle muny eşidip, Onuň taglymatyna haýran galdy.
Copyright information for
TukLat16